- baslykmak
- işlik1) Biri-biriniň üstüne basylyp goýlup dymjykmak, heňlemek (ot-iým, iýmit hakynda).2) Köp mukdarda ýygnanmak, toplanmak, üýşmek.∙ Birnäçe aýlap baslygyp ýatan garlar eräp akýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem baslykmak - baslygýar, baslygar, baslygypdyr.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.